BAŞLANGYÇ SYNPLARDA KITAP BILEN IŞLEMEGI ÖWRETMEK

Аннотация

Okuwçylara ylym- bilim bermekde mugallym peýdalanýan pedagogik gurallardan kitap esasy orun tutýar. Başlangyç synplarda kitap bilen işleşmek çagalar üçin iň gowy çeşme bolup hyzmat edýär. Bu olaryň okamak we ýazmaga ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Şeýle hem diliň we döredijiligiň, giňden pikirlenmegiň ösmeginde ähmiýeti uludygy barada beýan edýär.

Тип источника: Конференции
Годы охвата с 2022
inLibrary
Google Scholar
Выпуск:
108-111
25

Скачивания

Данные скачивания пока недоступны.
Поделиться
Allaberdiýewa, O. (2025). BAŞLANGYÇ SYNPLARDA KITAP BILEN IŞLEMEGI ÖWRETMEK. Наука и инновация, 3(1), 108–111. извлечено от https://inlibrary.uz/index.php/scin/article/view/62164
Crossref
Сrossref
Scopus
Scopus

Аннотация

Okuwçylara ylym- bilim bermekde mugallym peýdalanýan pedagogik gurallardan kitap esasy orun tutýar. Başlangyç synplarda kitap bilen işleşmek çagalar üçin iň gowy çeşme bolup hyzmat edýär. Bu olaryň okamak we ýazmaga ukyplaryny ösdürmäge kömek edýär. Şeýle hem diliň we döredijiligiň, giňden pikirlenmegiň ösmeginde ähmiýeti uludygy barada beýan edýär.


background image

ILM-FAN VA INNOVATSIYA

ILMIY-AMALIY KONFERENSIYASI

in-academy.uz/index.php/si

108

BAŞLANGYÇ SYNPLARDA KITAP BILEN IŞLEMEGI ÖWRETMEK

Allaberdiýewa Ogulgerek

NDPI Başlangyç tälim fakultetiniň 1- Z kurs talyby

https://doi.org/10.5281/zenodo.14678465

Annotatsiýa:

Okuwçylara ylym- bilim bermekde mugallym peýdalanýan pedagogik

gurallardan kitap esasy orun tutýar. Başlangyç synplarda kitap bilen işleşmek çagalar üçin iň
gowy çeşme bolup hyzmat edýär. Bu olaryň okamak we ýazmaga ukyplaryny ösdürmäge kömek
edýär. Şeýle hem diliň we döredijiligiň, giňden pikirlenmegiň ösmeginde ähmiýeti uludygy
barada beýan edýär.

Daýanç sözler:

dogry okamagy öwrenmek, sapagy derňew etmek, tekst boýunça

işleşmek, kitap okamagyň usullary.


Okuw kitaby okuwçylaryň materialyň düýp manysyna akyl ýetirip bilmeklerine, ony hem

nazary hem tejribe taraplaryndan özleşdirip bilmeklerine, ony hem nazary hem tejribe
taraplaryndan özleşdirmeklerine mümkinçilik döredýär. Okuw kitaby bilen işlehäzirki zaman
ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň esashäzirki zaman ylmynyň, tehnikasynyň we
medeniýetiniň esashäzirki zaman ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň esasele almak
mümkin däldir.

Okuw kitaby bilen işlemeklik mekdebiň hemme synplarynda ähli okuw dersleri boýunça

yzygiderli geçilýär. Okuw kitaplary okuw dersleri boýunça yzygiderli geçilýär. Okuw kitaplary
okuwçylaryň bilim almagynyň iň möhüm çeşmesi hasaplanylýar. Okuw kitabynda yzygiderli
bilimler beýan edilýär we okuwçylaryň özleşdirmekleri üçin zerur bolan temalar ýerleşdirilýär.

Okuw kitaplary okuwçylaryň bilim almagy üçin esasy çeşmedir, şeýle bolansoň, mugallym

okuwçylara kitap bilen işlemegi, ýagny, dogry okamagy, okan zadynyň manysyna düşünmegi
öwretmelidir. Bu bolsa, düşündirip okatmak arkaly amala aşyrylýar. Akyl ýetirilip, oýlanyp
okamaklyk, düşnüksiz sözleri öwrenmek hökmandyr.

1-nji synpda okuwçylar okan zadynyň meýilnamasyny düzmegi öwrenýärler, 3-nji

synpda bolsa hekaýalaryň meýilnamasyny düzýärler. Meýilnama habar sözlemi esasynda
düzülmelidir. Şeýlelikde, okuwçylar soňabaka makalalaryň atlaryny düzýärler. Kem-kemden
mugallymyň ýolbaşçylygynda olar makala ýazmagy öwrenýärler.

Kitap bilen işlenende, okuwçylar şulary berjaý etmelidirler

:

1.

Temany bellemeli, nämeleri öwrenmelidigini gysgaça bellik etmeli.

2.

Maglumaty ünsli okamaly, bölümlere bölmeli, okan ýeriň bobobo

3.

Soraglara dilden jogap bermeli.

4.

Okan zadyňa öz soraglaryňy bermegi başarmaly.

5.

Okan zadyň boýunça netije çykarmaly.
Mekdep okuwçylary okuw kitaby boýunça synpda okaýarlar, dürli tejribe işleri ýerine

ýetirýärler, geçilen temalary gaýtalaýarlar, öý işlerini berjaý edýärler. Mugallym okuw kitaby
bilen işlenende okuwçylara aýry-aýry edebi çeşmeleriň üstünde işlemegi öwredýär, olara kitap
bilen işlemegiň özbaşdak endiklerini berýär. Şol endikleri kem-kemden ösdürýär. Ol
okuwçylaryň ylym - bilimleriň esaslaryny has düýpli we berk özleşdirmekleri üçin, okuw
kitaplarynyň temalaryny yzygider öwrenmegi, şol bir wagtyň özünde-de ylmy we çeper


background image

ILM-FAN VA INNOVATSIYA

ILMIY-AMALIY KONFERENSIYASI

in-academy.uz/index.php/si

109

edebiýatlary özbaşdak okap, öz biliminiň üstüni dolduryp durmagy, düşünjesini giňeltmegi
öwredýär. Mugallymyň esasy wezipeleriniň biri okuwçylara okuw kitabyndan dogry
peýdalanyp bilmegi öwretmekden ybarat. Şonuň üçinem her bir mugallym ilkinji sapakda okuw
kitabynyň orny, gurluşy, aýratynlygy, bilim berijilik roly barada; onuň näçe wagtyň dowamynda
öwreniljekdigi, okuw kitabyna degişli nähili ýygyndynyň bolmalydygy, haýsy goşmaça
edebiýatdan peýdalanmaly boljakdygy barada düşündiriş berýär. Iň esasy zat okuwçylaryň
okuw kitaplary we beýleki edebiýatlar bilen özbaşdak işläp bilmek endiklerini döretmekdir.

Okuwçylar kitap bilen özbaşdak işlänlerinde:

a) okalan tekstden esasy pikirleri saýlap almagy;
b) okalany gaýtadan gürrüň edip bermegi ýa-da şol tekst boýunça soraglara jogap berip

bilmegi;

ç) okalan kitap boýunça gysgaça beýan etmegi, meýilnama, annotasiýa düzmegi;
d) tekstdäki materiallary, şol materialdaky öňe sürlen pikirleri bir-birden

parhlandyrmagy;

e) okan zadyňa düşünendigiňi ýa-da düşünmändigiňi barlap görgörgör
ä) berlen soraglara ýazuw üsti bilen jogap bermegi;
f) tekst boýunça çyzgylary, tablisalary, diagrammalary döretf) tekst boýunça çyzgylary,

tablisalary, diagrammalary döretmegi;

g) sözlük üstünde işläp bilmegi;
h) pikirleniş işiň dürli operasiýalaryny (seljermek, deňeşdirmek, tapawutlandyrmak,

netije çykarmak işlerini) ýerine ýetirmegi başarmalydyrlar.

Kitap bilen işlemekligiň esasy üç sany derejesini tapawutlandyrmak bolar. Şol derejäniň

birinjisi kitaby okaýan adamynyň tekstiň manysyna akyl ýetirmegi, düşünmegi, ýagny ondaky
maglumatlary özüne kabul edip almagydyr. Şonda ol tekstiň manysyna, onda aydyljak bolunýan
zada düşünmek hem ony ýatda saklamak üçin dürli-dürli usullardan peýdalanmaly bolýar.
Kitap bilen işlemegiň bu derejesini şertleýin ýagdaýda onuň akyl ýetirijilik derejesi

diýip

atlandyrmak bolar.

Kitap bilen işlemegiň

ikinji derejesi

– bu okalan teksti anyk– bu okalan teksti

anyklaşlaşlaşlaşlaşlaşlykdyr. Bu derejäni kitap bilen işlemekligiň

analitik derejesi

diýip

atlandyrmak bolar.

Kitap bilen işleşmegiň

üçünji derejesi

– munuň özi adamyň okan zatlarynyň esasynda,

özbaşdak okap öwrenen maglumatlarynyň, alan düşünjeleriniň bazasynda nämedir bir täze
pikiri orta atmagydyr. Kitap bilen işlemegiň bu derejesine onuň

döredijilik derejesi

diýilýär.

Okuwçylar kitap bilen işlänlerinde ýazgylaryň dürli görnüşlerini döredýärler. Şol

ýazgylar, esasan,

meýilnamadan, tezislerden, konspektden, göçürmelerden, sitatalardan,

annotasiýalardan

ybaratdyr. Şol ýazgylaryň üstünde gysgaça durup geçeliň.

Meýilnama

– haýsydyr bir kitapda, ýa onuň bellibir babynda beýan edilen esasy pikirleriň

sözbaşylar görnüşindäki ýazgysydyr. Gowy düzülen meýilnama şol meýilnamany düzen
adamyň kitabyň gurluşyny mazaly özleşdirenligine, mazmunyna gowy düşünenligine şaýatlyk
edýär. Meýilnama materialy gaýtalamak üçin amatlydyr. Ýöne şol meýilnama soraglaryň
toplumy boýunça gaýtalamaklyk kitap okalandan onçakly kän wagt geçmänkä mümkindir.
Meýilnama düzmeklik okuwlar geçirilende, makalalar ýazylanda, nutuklara, çykyşlara we


background image

ILM-FAN VA INNOVATSIYA

ILMIY-AMALIY KONFERENSIYASI

in-academy.uz/index.php/si

110

şulara meňzeş işlere taýýarlanylanda möhümdir. «Meýilnamasyz iş başa barmaz» diýlip örän
dogry aýdylypdyr.

Tezisler

– meýilnama bilen ýazgynyň aralygyndaky ýazgydyr. Eger meýilnamada kitapda

beýan edilen esasy meseleler baradaky soraglaryň toplumy bellibir yzygiderlikde berilýän
bolsa, tezislerde kitabyň esasy mazmuny gysgaça beýan edilýär. Tezis düzmek babatyndaky iş
okalan materialy örän çuňdan analiz etmegi, esasy pikirleri tapawutlandyrmagy, materialyň
daýanç punktlaryny parhpikirleri tapawutlandyrmagy, materialyň daýanç punktlaryny
parhlanlanlan

Tezisler

– munuň özi ara alnyp maslahatlaşyljak dokladlar bilen çykyş etmegiň iň bir

amatly ýazgysydyr.

Ýazgy

– okalýan kitabyň, ýa diňlenilýän leksiýanyň esasy mazmuny gowşak pikirler,

gaýtalamalar bolmaýar. Ýöne ýazgyda awtoryň esasy pikirlerinden başga-da şol esasy pikirleri,
netijeleri berkidýän, olary subut edýän degişli faktlar, zerur bolan göçürmeler, sitatalar
bolmagyna subut edýän degişli faktlar bolmagy mümkin.

Eger şol bir wagtyň özünde birnäçe edebi çeşme öwrenilýän bolsa, onda esasy edebi

çeşmäniň mazmuny ýazgy edilýär, beýleki edebiýatlardan alnan käbir täze, üýtgeşik pikirler
bolsa şol esasy edebi çeşmä goşmaça hökmünde ulanylýar. Haýsydyr bir ulurak edebi çeşme
ýazgy ediljek bolnanda, adatça, ilki meýilnama düzülýär, soňra kitabyň her bölüminiň
mazmuny aýry-aýrylykda ýazgy edilýär. Ýazgy (meýilnama, tezisler, sitatalar ýaly) beýleki
ýazgylaryň hemmesiniň mazmunyny özünde jemleýän uniwersal görnüşdäki ýazgydyr.

Göçürmeler

– bu kitapdan sözme-söz, hiç bir üýtgedilmän göçürilýän ýazgydyr.

Göçürmeler aýry-aýry kitaplardan, beýleki edebi çeşmelerden dürli materiallar toplamaly
bolanda, amatly çeşme bolup hyzmat edýär.

Sitatalar

haýsydyr bir ýygyndydan jüpüne düşüp duran anyk hem-de ýerlikli pikirleri

sözme-söz göçürilip alynýan ýazgylardyr.

Annotasiýa

kitabyň, makalanyň mazmunyny örän gysgaça bekitabyň, makalanyň

mazmunyny örän gysgaça beýan edýän, onuň peýdalydygyny birnäçe setirde görkezýän
ýazgydyr.

Netije ornunda şuny aýtmak gerek. Ol hem bolsa, okuwçylaryň kitaba bolan höwesini

artdyryp her taraplaýyn gyzyklandyrmaly. Esasan düşünmän galan ýerlerini düşündirip, olaryň
üstünde köpräk işleşmelidir. Kitap bilen işleşmegi üçin olary surat, shema, grafik we başga- da
ilýustrasiýalardan peýdalanmaga, olarda bar bolan ylmy tehnika maglumatlary öwretmek hem
möhümdir. Mugallym okuwçylaryň okan eserleriniň, goşgularynyň manysyny açyp görkezip,
düşündirip, ýatda saklamak üçin dürli usullardan peýdalanmagy zerurdyr.

References:

1.

Atdaýew E. we başg. Pedagogika. Orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. - A.:

2017.
2.

Pirliýew G. Türkmen halk pedagogikasy. Magaryf 1981ý

3.

S.A.Akmalova. Taʼlim nazariyasi didaktika masalalari boʻyicha oʻquv kullanma”.

Namangan 1993y


background image

ILM-FAN VA INNOVATSIYA

ILMIY-AMALIY KONFERENSIYASI

in-academy.uz/index.php/si

111

4.

N.N. Azizxoʻjayeva. Pedagogik texnologiya va pedagogik mahoratʼʼ. Toshkent, Nizomiy

nomidagi TDPU, 2003y

Библиографические ссылки

Atdaýew E. we başg. Pedagogika. Orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. - A.: 2017.

Pirliýew G. Türkmen halk pedagogikasy. Magaryf 1981ý

S.A.Akmalova. Taʼlim nazariyasi didaktika masalalari boʻyicha oʻquv kullanma”. Namangan 1993y

N.N. Azizxoʻjayeva. Pedagogik texnologiya va pedagogik mahoratʼʼ. Toshkent, Nizomiy nomidagi TDPU, 2003y